Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi

Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi

Fransiýanyň Premýer-ministri wezipesine 34 ýaşly Gabriel Attal bellendi, ol ýurduň taryhynda iň ýaş Hökümet baştutany boldy. Bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşiniň başlygy Loran Fabius bu ugurda öňdeligi saklap gelýärdi, ýagny ol 1984-nji ýylda 37 ýaşynda Hökümet başlygy bolupdy.

Gabriel Attal indi Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona täze Ministrler Kabinetini düzmek barada teklip bermeli.

Öň Fransiýanyň Ministrler Kabinetine Elizabet Born ýolbaşçylyk edýärdi, ol golaýda öz hökümetiniň iş başyndan gitmegi barada arza beripdi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýada täzelenen hökümet işe başlady
Fransiýada Ukraina bilen baglaşylan howpsuzlyk şertnamasy mejlis tarapyndan kabul edildi
Gündogaryň beýik akyldary
Bedew waspy
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Gidrawlik energiýa näme sebäpli möhüm?