Fransuz Polineziýasynda garaşsyzlygyň tarapdarlary ýeňiş gazandy

Fransiýanyň Ýuwaş ummanyndaky deňziň aňyrsyndaky ýeri hasaplanýan Fransuz Polineziýasynda geçirilen saýlawyň ikinji tapgyrynda Oskar Temarunyň ýolbaşçylygyndaky garaşsyzlygypň tarapdarlary 44,2 göterim ses alyp, ýeňiş gazandy.Fransiýanyň içeri işler ministri Gerald Darmanin “Twitter”-däki akkaundynda Tawini Huiraatira (Halkyň hyzmatkäri) partiýasynyň sebitleýin saýlawda ýeňiş gazanyp, ada jemgyýetiniň geljekki ýolbaşçysyny saýlajakdygyny belledi.

Garaşsyzlyk tarapdarlarynyň gündelik durmuşyny gowulandyrmak üçin täze saýlanan köplük bilen ünsli işlejekdiklerini aýdan ministr polinezýalylaryň özgerişligi saýlandygyny, hökümetiň bu demokratik saýlawy nazara aljakdyklaryny belledi. Şeýle hem ministr polineziýaly raýatlaryň wezipe möhleti tamamlanan, biziň bilen hemişe ýürekdeş we konstruktiw gepleşik geçiren Prezident Eduard Fritçe-de minnetdarlyk bildirýändiklerini aýtdy.

Saýlawda Prezident Fritçiň ýolbaşçylygyndaky partiýanyň 38,5 göterim ses alandygy mälim edildi.

Şeýlelikde, garaşsyzlygyň tarapdarlary Sebitleýin mejlisdäki 57 ornuň 38-ini alyp, alsolýut köplügi gazandylar.

Garaşsyzlygyň tarapdarlary geçen ýylyň iýunynda Fransiýada geçirilen ählumumy saýlawda Polineziýa degişli bolan 3 orny hem gazanypdylar.

Polineziýada 2013-nji ýylda güýje giren saýlaw kanunyna görä, birinji bolan partiýa mejlisdäki orunlaryň dörtden üçüni alýar.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl haçan, nirä gelýär?
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Aşgabatda türgenleşip başlady
Polina Gurýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy
Dünýä çempionatynda türkmenistanly agyr atletikaçylar haçan çykyş eder?