Polina Gurýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy

Polina Gurýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy

Turkmenportal web saýtymyzda habar berşimiz ýaly, 16-njy noýabrda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli öňdebaryjy ýaşlaryň onlarçasyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Bu baýrak bilen sylaglanan ýaşlaryň hatarynda ýurduň sport abraýyny belende götermekde, türkmen türgenlerine bildirilýän ynamy ödemek babatda başarnygyny görkezip,

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Polina Gurýewanyň ady hem hormat bilen tutuldy. Häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okap bilim alýan türgeniň iri dünýä ýaryşynda görkezen netijesi ýurduň taryhynda Olimpiýa oýunlarynda ýetilen ilkinji baýrakly orundyr.

Turkmenportal web saýtymyzyň habarçysy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynda bolup, Olimpiýa medally türgen gyz Polina Gurýewa bilen gürrüňdeş bolanda ol Turkmenportalyň okyjylary üçin öz buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— 2021-nji ýyl meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Şu ýylyň tomsunda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip kümüş medal gazanyp, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji bolup Olimpiýa medalyny gazanmagy başardym.

Bu gazanan taryhy üstünligim üçin hormatly Prezidentimiz maňa Şa serpaýyny ýapdy.Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumyndan döwrebap ýaşaýyş jaýyny, şeýle-de pul baýragyny, awtoulag sowgat etdi, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen hormatly ady dakdy.

Bu gün bolsa Ýaşlar baýragy bilen sylaglandym.Bu belent hormat meni täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Ynsan islese durmuşynda örän köp zady başarýar diýlen durmuş hakykatyna berk ynanýaryn. Bize her ädimimizde ýüregimize hyjuw berýän sözleri aýdýan adamlar bar, olaryň sözleri birmanyly bolsa-da, ol jümleler özümize bolan ynamy gaýta-gaýta nygtap, hakydamyza ornaýar. Netijede, olar bir bitewi ynamy döredýär.

Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň, şeýle-de iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biz — türgenlere milli hem-de halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga giň ýollar açyldy.

Bu bolsa sporta höwesli ýaşlaryň sanynyň barha artmagyna getirdi.Döwrebap sport toplumlarynda türgenleşmek, seniň ýeňşe bolan höwesiňi hem artdyrýar.Olimpiýa oýunlarynyň nobatdakysy 2024-nji ýylda Parižde geçiriler.

Dünýäniň ünsüni özüne çekýän bu ýaryşa hem şu günlerden ýokary derejede türgenleşip başlarys.Geljekki ýaryşlarda hem ýeňiş münberinden paýly bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatjakdygymyzy buýsanç bilen ynandyrýarys.

Meni agyr atletika sportunda goldan öz maşgalama, tälimçilerime tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Aşgabatda türgenleşip başlady
Dünýä çempionatynda türkmenistanly agyr atletikaçylar haçan çykyş eder?
Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar