Fraýburg Bawariýany Germaniýanyň Kubogy üçin göreşden çykardy

Fraýburg Bawariýany Germaniýanyň Kubogy üçin göreşden çykardy

Mýunheniň Bawariýa kluby Germaniýanyň Kubogynyň 1/4 final tapgyrynda Fraýburgdan asgyn gelip, ýaryşy terk etdi.

Mýunhen şäherindäki Allianz Arena stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşygyň 19-njy minutynda Daýo Upamekano hasaby açmagy başardy. Emma myhmanlar 27-nji minutdaky Hefleriň goly bilen dessine hasaby deňlediler. Toparlar arakesmä 1:1 hasabyndaky deňlikde çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymy dolulygyna ýer eýeleriniň üstünlik etmeklerinde geçdi. Emma muňa garamazdan, gol urmak myhmanlara nesip etdi. Has takygy, 90+5-nji minutda emin Bawariýanyň derwezesine penalti belledi hem-de ony dürs ýerine ýetiren Lukas Heler toparyna 2:1 hasabyndaky ýeňşi sowgat etdi.

Surat:apnews.com

Şeýlelikde, Bawariýa Germaniýanyň Kubogyndaky ýörişini çärýek finalda tamamlamaga mejbur boldy.

Ýeri gelende bellesek, bu ýeňliş Tomas Tuhel üçin Bawariýanyň halypasy hökmündäki ilkinji şowsuzlyk boldy.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
12 minutda 3-0 öňe geçse-de, ýeňlişe sezewar boldy
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
Ýeňlişsiz diňe “Bawariýa” galdy
Geçen möwsümiň tersine