Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 11-nji iýulda milli çempionatyň Ýokary ligasynyň klublarynyň ýolbaşçylary we baş tälimçileri bilen ýygnak geçirer. Bu ýygnagyň çäginde Türkmenistanyň kubogy 2024-iň ilkinji tapgyrlary üçin bije çekişligi hem guramak meýilleşdirilýär. Bu barada Janköýer habar berdi.

Federasiýadan Ýokary liga wekilçilik edýän klublara gelip gowşan hatda görkezilişi ýaly, şol günki ýygnakda milli çempionatynyň birinji ýarymynyň netijeleri jemlenilip, öňde duran aýlawlar, Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň geçiriljek senesi barada pikir alşylar. Şeýle hem klublaryň wekillerinden agzalan ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin öz tekliplerini hödürlemek haýyş edildi.

Milli çempionatyň Ýokary ligasynda we bu liga wekilçilik edýän klublaryň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde Arkadag toparynyň öňde barýandygyny ýatladýarys. Çempionatyň üçünji we dördünji aýlawlarynyň senenamasy düzülende, Kubok we Naýbaşy kubok ýaryşlary bilen bilelikde, türkmen toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-däki we Çagyryş ligasyndaky duşuşyklary hem göz öňünde tutular.

Ýene degişli makalalar

Al-Nassr topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag futbol toparynyň Andijon topary bilen AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyndaky duşuşygy deňme-deň tamamlandy
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Futbol boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy ugrunda Arkadag we Ahal toparlary bäsleşerler