Futbol teleýaýlymy CAFA Nations Cup-2023-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer

Futbol teleýaýlymy CAFA Nations Cup-2023-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň A toparçasynyň deslapky oýny bolan Türkmenistan — Täjigistan Futbol täjik sport ýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada telekompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşyk Daşkent şäherindäki Pahtakor stadionynda geçirilip, Aşgabat wagty bilen 18:30-da başlanar.

Türkmenistanda ýaşaýan köpsanly futbol janköýerleri IPTV ulgamynyň üsti bilen, bu oýna Futbol teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bilerler.

Ýeri gelende ýatlatsak, CAFA-nyň Milletler Kubogy 10-20-nji iýun aralygynda Bişkek (Gyrgyzystan) we Daşkent (Özbegistan) şäherlerinde geçiriler. Ýaryşa Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylar gatnaşýar.

Bijä laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy A toparçada Özbegistan, Täjigistan we Oman bilen güýç synanyşar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň CAFA Nations Cup 2023-de geçirjek oýunlarynyň senenamasy:

11-nji iýun (ýekşenbe)

18:30 / Täjigistan Türkmenistan, Pahtakor stadiony

14-nji iýun (çarşenbe)

20:30 / Türkmenistan Özbegistan, Bunýodkor stadiony

17-nji iýun (şenbe)

18:30 / Türkmenistan Oman, Pahtakor stadiony

Ýene degişli makalalar

Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygyny täjik ýaýlymy göni ýaýlymda berer
Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýrana saparynyň dowamynda 5 sany täze resminama gol çekildi, Türkmenistanyň IIM ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmek barada duýdurýar, Türkmenistanda ýylyň iň gowy talyby saýlanyldy we beýleki habarlar
Milan-nyň gyzyklanýan oýunçysy CAFA Nations Cup ― 2023-niň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy
Galkan halkara hokkeý ýaryşynyň üçünji tapgyrynda Eýranyň toparyny uly hasapda ýeňdi
SESSION ENTITLED CONTRIBUTION OF STATES AND INTERNATIONAL ORGANIZATIONS TO GLOBAL PEACE BUILDING PROCESSES WAS HELD IN THE INTERNATIONAL UNIVERSITY FOR THE HUMANITIES AND DEVELOPMENT OF TURKMENISTAN
TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklary öňe süýşürildi