G-7-ä Agza Ýurtlar Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy

G-7-ä Agza Ýurtlar Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy

ABŞ-dan, Germaniýadan, Fransiýadan, Britaniýadan, Italiýadan, Kanadadan we Ýaponiýadan ybarat G-7 ýurtlary, Eýranyň Ysraýyla guran hüjümini berk ýazgardy.

G-7-a agza ýurtlaryň liderleri, döwürleýin ýolbaşçy Italiýanyň çagyryşyna laýyklykda Eýranyň Ysraýyla guran hüjümini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdy.

Duşuşykdan soň berlen ýazmaça beýannamada, “G-7-a agza ýurtlaryň liderleri hökmünde, Eýranyň Ysraýyla guran deňi-taýy görülmedik hüjümini berk ýazgarýarys. Eýran, Ysraýyla ýüzlerçe uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady. Ysraýyl, hyzmatdaşlarynyň goldaw bermeginde şol hüjümi yza serpikdirdi” diýildi.

Beýannamada, Ysraýylyň halkyna goldaw berilýändigi nygtalyp, “Ysraýylyň howpsuzlygyna goldaw bermäge dowam ederis” diýildi.

Beýannamada, Eýranyň ady agzalýan hüjüm bilen onsuz hem dartgynly bolan sebitde dartgynlygyň has-da çuňlaşmagyna sebäp bolandygy ýatladyldy.

Beýannamada, “Eýranyň sebitiň durnuksyzlaşmagyna sebäp bolýan hereketlerine garşy goşmaça çäre görmäge dowam ederis”diýildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýyl Bilen Söwda Gatnaşyklaryny Doly Bes Etdi
Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 970 Adama Ýetdi
Türkiýe Eýran Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Dartgynlyk Boýunça Duýduryş Berdi
Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy
Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi
ÝB, Ysraýyla Guran Hüjümleri Sebäpli Eýrana Sanksiýa Goýar
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy