Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi

Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Ysraýyl ir ertir Eýrana garşy hüjüm gurady.

ABJ Nýus, Ysraýylyň şol bir wagtda Siriýada we Yrakda käbir sebitlere hüjüm gurandy hakyndaky habarlaryň bolsa tassyklanmandygyny ýatlatdy.

JNN-e beýannama beren Amerikaly ýolbaşçy bolsa Ysraýylyň hüjümden öň Eýrana garşy çäkli hüjüm gurajakdygyny habar berendigini emma ABŞ-nyň şol hüjüme goldaw bermändigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy bilen Pentagon bolsa ady agzalýan hüjümi heniz resmi taýdan tassyklamady.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem, Eýranyň howa güýçleriniň esasy merkezlerinden biriniň ýerleşýän ýeri bolan Yspyhan welaýatynyň demirgazyk gündogaryndan partlama sesiniň gelendigini habar berdi.

Ýarym resmi Fars habarlar gullugy hem ýerli çeşmelere esaslanýan habarynda, Yspyhan welaýatynyň demirgazyk gündogaryndan partlama sesiniň gelendigini mälim etdi.

Eýranly ýolbaşçylar, “ýurda raketa hüjüminiň guralmandygyny, birnäçe dronyň urlup düşürlendigini” nygtady.

Ýarym resmi Mehr habarlar gullugy bolsa ýerli wagt bilen 04.00 töweregi Yspyhanyň golaýynda 3 uçarmansyz howa ulagynyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Eýran Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Dartgynlyk Boýunça Duýduryş Berdi
Erdogan Stambulda Žurnalistleriň Soraglaryna Jogap Berdi
Türkmenistanly işewürler SITEX2024 sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Eslami: “Isfahan” gözleg reaktorynyň gurluşyk işi başlar
Eýranda Howanyň Hapalanmagy Sebäpli Döwlet Edaralarynyň Işi Bes Edildi
Atom energiýasy guramasynyň başlygy: Eýranyň ýadro işjeňliginiň saglygy subut edildi