Türkmenistanly işewürler SITEX2024 sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanly işewürler SITEX2024 sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi SITEX2024 dokma senagatynyň halkara sergisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň telekeçilerine bu sergä gatnaşmak mümkinçiliginiň bardygy barada habar berýär diýlip, Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda bellenilýär.

Gyzyklanma bildirýänler Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsullygyna ýüz tutup bilerler: +99352260231. Guramaçylar: +989129472567; +989129479265.

Habarda bellenilişi ýaly, sergi şu ýylyň 4 — 7-nji iýuly aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde halkara sergi merkezinde guralar. Sergi dokma pudagy üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Bu pudak täzelikleri bilen tanyşmaga we işewürligi has-da gowulandyrmak üçin bar bolan müşderiler bilen duşuşmaga mümkinçilikdir diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

THÝ Bilen Pegasus Howa Ýollary Eýrana Guraýan Uçar Saparlaryny Saklady
Eýranda Howanyň Hapalygy Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirýär
Eýranda Howanyň Hapalygy Sebäpli Müňlerçe Adam Ýogaldy
Eýrandaky protestler dowam edýär
Eýrandaky protestler dowam edýär
Eýran Atom Desgasynda Täze Ýadro Ylmy-Barlag Reaktorunyň Guruljakdygyny Habar Berdi