“G.Ezizowyň hakykaty” atly makalamyň soňunda “Dowamy bar” diýip ýazypdym, emma onuň dowamyny ýazmadym.
Sebäbi, her nämede bolsa, makalada aýdylýan täze, ozal aýdylmdyk zatlara delilli garşylyk bildirilmegine ýa diýilýän zatlaryň goldanylmagyna, garaz bir agramly reaksiýa garaşdym.Emma umuman dymdylar. Ýogsa ol makala ertir.com saýtynda hem göçürilip çap edildi, by saýt türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň köpüsiniň girýän ýeri bolup durýar.
Bir tarapdan dymmak razylygyň alamaty, emma makala ýazylan ýeke-täk kommentden çen tutsaň, men buz üstünden tozan araýardym’. Şeýle-de ol kommentçi menden “bu makalany ýazmakdan maksadyňyz näme?” diýip sorapdy.
Meniň maksadym şahyryň ýanan zatlaryna, akyl, intellektual derejesine düşünmek we ony başardygymdan düşündirmek we aňda, akylda halkymyň öňe gitmegine bolmanda bir garyş-sere goşant goşmak. Şu sebäpden hem şahyr Gurbannazar Ezizowyň 35 ýaşynda atylyp öldürilmezinden öň düşen agyr ahlak krisizi we türkmen döredijilik elitasynyň agyr hassalygy hakyndaky gürrüňi dowam etdirýärin.
Gurbannazar Ezizow 1970-nji ýyllarda, Sowet Soýuzynda Nikita Hruşewiň getiren syýasy maýylganlygyndan soň dörän türkmen sowet edebiýatynda türkmeniň aýratyn öwrenilmeli intellektual şahyry boldy, muňa söz ýok (K.Gurbannepesow oňa “Şahyrlar üçin şahyr” diýerdi!). Emma bu onuň diňe urra’ edilmegini däl, eýsem däne-däne, setir-setir derňelmelidigini, şahyryň setrleriň arkasyndan aýdan zatlaryndan netije çykarjak bolmalydygyny aňladýar.
Şeýlelikde, G.Ezizowyň hakykatyny, öz düşünişimden, derňemegi we gelen netijelerimi paýlaşmagymy dowam edýärin.
Şahyrda “Oba çagyrsalar, ýitirýän özüm” diýip başlanýan “Gorky” atly goşgy bar. Biziň hemmämiz bilýäris, hakyky intellektual şahyr üçin bir gorky dowam edýän režim bilen çakyşmak, ýagny hakykaty aýdyp, soňundan gadaganlyga düşmek ýa ýekirilmek gorkusy bar. Ýöne şahyryň bu goşgusynda beýle gorkudan söz açylmaýar. Ol oba çagyranlarynda üstüne çozýan “ýok pikirlerden” söz açýar.
“…Ine tämiz geýnip bararsyň bärden.
Tanyşdyr adamlar, gezilen ýerler.
(Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?
Näme diýerkäler? Näme diýerler?!)
Eýsem, şahyryň liriki meni nämäniň gaýgysyny edýär, onuň “ýok pikirler” diýýäni näme üçin bar we ol hakykatda nämeden we näme üçin beýle gorkupdyr? Bu soraga jogap goşgynyň 4-nji we 5-nji bentlerinde, obalylaryň diýäýjek zatlary hökmünde beýan edilýär, ýagny ol obanyň ýaş-garry hemmesiniň özüni ýazgarmagyndan alada galýar:
“Ine, birden obaň garry, jahyly,
Söhbet gurar gazet, goşgy barada.
“How, Eziziň ogly, goşgyň nähili?
Ýeňillig-ä ýokdy biziň obada.
Agraslyk süýdüni ilki emeňde,
Sen emipdiň päk süýdüni hak sözüň.
Oglum, oňarsa-a ilki çenenme,
Çenendiňmi, boş geçmesin oklaryň.”
Ýok, bular şahyra obadaşlary tarapyndan aýdylan sözler däl, aýdylyp biljek sözler, ýagny onuň öz pikiri. Iň esasysy bolsa, bu hili pikirler onuň, sowet propagandasynyň içinde gaýnap, milli edebiýatdan, halk medeniýetinden we ahlagyndan üzňeleşip bilmän, döwlet eýeçilgindäki metbugatyň bagtly durmuş hakyndaky wagyzlarynyň bir bölegi bolmak bilen hak söze gulluk etmek arzuwynyň arasynda ruhy azap, ejir çekendiginiň alamaty.
Ýatlalyň, ol bir goşgusynda, geçmişde özüniň kim bolandygy barada söz açyp, eger ol şahyr bolan bolsa, meniň ejiz şygrym üçin saçlaryny ýolup, “menligine ajy gözýaş dökýändir” diýip ýazypdy.
Has açyk aýdylanda, ol geçmişde özüniň “çyn sözden gorkýan namart”, hem şol “gorkusy üçin çyn söze duşman” bolmagyndan alada galypdy.Bu alada şol döwürde partiýa hem watan hakynda joşan, at gazanan şahyrlaryň köpüsinde bolmandy ýa olar, Ezizow ýaly, öz aladalaryny setirleriň arkasyndan hem aňlatjak bolmandylar.
Ikinji tarapdan, şahyrlar obada gazet, goşgy barada edilýän gürrüňleri, garaz, bilýärler, sebäbi olaryň köpüsi obadan çykan. Şäherdäkiden tapawutlylykda, obada metbugatdaky “hakykat” bilen real durmuşyň arasynyň nähili daşdygy has göze görünýär, üstesine adamlaram muňa gowy düşünýärler we hatda bu olaryň dillerine, sözlerine hem geçýär, olar metbugatdaky ýalançylyga, şol sanda şahyrlara gülýärler. (Eger şol döwürde “Biz gyrnak” atly goşgusyny ýazan A.Kekilowalar baýrak alan, wezipeli şahyrlardan köpräk bolan bolsady, Sowet Soýuzy dargandan soň sowet ýalançylgy bu günki ýaly ulalmazdy bu meniň öz pikirim!)
Bu, belki, halk içinde Magtymgulyny, Keminäni okan garry-ýaşyň köp bolmagy bilen baglydyr. Olar Pyragynyň “Pygamber ornunda oturan kazy, para üçin elin aça başlady” ýa-da Keminäniň “Ýalan sözleriň baryny satarsyňyz pula kazym” diýen setirlerini, ýagny 18-nji, 19-njy asyrda-da şahyryň kesbiniň häkimiýetleriň gözüne seredip, bilýän zadyny açyk aýdyp bilmek bolandygyny gowy bilýärler.
Emma “Dünýede çyn sözüň sarpasyn saklap,//Çyn söz üçin özüm gurban ederin” diýen-de bolsa, G.Ezizow oba çagyranlarynda gaty ýaýdanypdyr.Sebäbi ol obada, edil göni aýdylmasa-da, edilýän pikirleri gowy bilýärdi.
Onuň öz setirleri bilen aýtsak, “Bulaň göterýäni dünýäniň derdi,/Melul bolup ýörler gülleň ysyna”, ýa-da bolmasa, islendik garagol goşgy ýazmagyň nähili aňsat bolandygyny aýdyp, “Şeýle goşgular-a menem ýazaryn” diýer.
Dogry, G.Ezizow özüne çenli bolan türkmen sowet edebiýatynyň iň ýokary derejesine çykdy, belki-de bu onuň bolmanda öz edýän we edip bilmeýän zatlaryna düşünmeginiň, “Razy” diýip goşgy ýazsa-da, döwri öwse-de, özünden razy bolup bilmändiginiň netijesidir?
Göz öňüne getiriň, 1970-nji ýyllarda, M.Gorbaçewiň “aç-açanlygyna” çenli 30 ýyl çemesi wagt barka, oba çygyrylan şahyr özüni “söweşden eýmenýän soldat” ornunda görýär:
“Öz-özümi iýmän saklanýan zordan,
Hakydamda bolsa şol eýmenç sözler:
Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?
Näme diýerkäler? Näme diýerler?”
Eger Gurbannazar Ezizow özüne şu soragy beren bolsa, şu günki ýazýanlar näme üçin bermeli däl?
Aşgabatly edebiýatçy. Maý, 2017.