AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ESERLERI

AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ESERLERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Akyldar şahyryň dünýä nusgalyk eserleri ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň ýüreginde däl, eýsem dünýä halklarynyň ýüreginde müdimi ýaşaýar, bu bolsa söz ussadynyň çeper döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da arşa galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Akyldar şahyryň edebi mirasy hemişe ynsana kämillik ýoluny salgy bermek bilen, nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhynda terbiýelemegiň ajaýyp ýörelgesi bolup hyzmat edýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Akylly şäherler geljegiň şäheri
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Tramp sözünde durup, Putini 'aňyna aýlap bilse' parahatçylyk gelerdi türkmenistanly harby synçy
8-10-njy noýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýäniň gözbaşy
“Akylly” duralgalar guruldy