Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti mizemez hazyna

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan ”Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti mizemez hazyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi.Hormatly Prezidentimiz “Magtymgulydünýäniň akyldary” atly kitabynda Magtymguly Pyraga uly baha berýär. “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň.

Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň” diýip belläp geçýär.Söhbetdeşlikde Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda türkmen dilinde arap elipbiýinde çap bolan birnäçe saýlanan eserler ýygyndylary kitap sergi hem giňden sergilendi.

Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat parahatçylygyň şäheri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Dost-doganlyk merkezi ak şäherim Aşgabat
Kitaphana- paýhaslar öýi
Albert Žalilow: Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly ruhy bar
Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek medeni çäreleriň giň gerimli maksatnamasy tassyklanyldy