Galina we Waleriýa Kuçerenkolar
“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary ” (TAH) proýektiniň maglumatyna görä, 7-nji dekabrda, birnäçe polisiýa bölüminde 6 sagat saklanandan soň, biraz öň alnyp gaçylan jandar goraýjy aktiwist Galina Kuçerenkonyň gyzy Waleriýa Kuçerenko azatlyga goýberildi.
Waleriýanyň gürrüň bermegine görä, 7-nji dekabrda aktiwistiň kwaritarasyna 6-7 adam, gapynyň petlesini kesip, urup girdi. Olaryň biri polisiýa eşiginde, galanlary graždan eşikli eken. Olar Galinany pola ýykyp, elini gaňryp, näbelli tarapa alyp gitdiler.
Kwartirada internetiň modemi üçin baglaýjy kabeli kesipdirler, mobil telefonlary we pasportlary ýygnap alypdyrlar.
Waleriýanyň öz sözlerine görä, onuň elini gaňryp alyp gitdiler we birnäçe polisiýa bölümine eltdiler.
Polisiýa işgärleriniň biri oňa: “Biziň saňa gyz maşgala çemeleşilişi ýaly çemeleşýändigimize begen, ýogsa kapasada oturmaly bolardyň” diýdi.
Waleriýa tussag edilenden soň öz ejesini görmedi we onuň häzir nirede saklanylýandygyny bilmeýär.
Galinanyň eltilen polisiýa bölümleriniň biriniň işgäri Waleriýa onuň ejesiniň hem biraz öň şol ýerde bolandygyny aýtdy. Emma, şondan soňky detallary gürrüň bermekden saklandy.
Waleriýa hiç bir aýyp bildirmediler we saklanmagynyň sebäbini düşündirmediler.
Ony ahyrynda Berkararlyk etrap suduna eltdiler we “polisiýa işgärlerine garşylyk görkezendigi üçin” diýlip, Waleriýany 50 manat jerime tölemäge borçly etdiler.
Ol öýlerine gelip, gapynyň açykdygyny, kwartiranyň içiniň akan-dökändigini gördi. Öýde galdyrylan öý haýwanlarynyň ählisi, birnäçe pişik we it tapylmady.
