Gabonyň wagtlaýyn hökümediniň Premýer ministri Sima boldy

Gabonyň wagtlaýyn hökümediniň Premýer ministri Sima boldy

Harby hökümet tarapyndan berilen beýanatda, wzipesinden uzaklaşdyrylan Prezident Ali Bongo garşy bolan Raýmond Ndong Sima wagtlaýyn hökümediň Premýer ministri hökmünde bellenendigi habar berildi.

Sima 2012-2014-nji ýyllar aralygynda Ali Bongonyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň düzüminde Premýer ministr wezipesini ýerine ýetiripdi, emma Bongo bilen başyndan geçiren düşünişmezçilik sebäpli wezipesinden çetleşdirilipdi.

Ozal bolsa Ykdysadyýet bilen Oba hojalyk we maldarçylyk ministri wezipelerinde işlän 68 ýaşyndaky Sima, 26-njy awgustda geçirilen Prezident saýlawynda Bongo garşy dalaşgärligini orta atypdy, emma oppozisioner Alberto Ondo Ossanyň seslerini bölmezlik üçin dalaşgärlikden çekilipdi.

Ýene degişli makalalar

Faworitler ýeňiş bilen başlady
Gözüň görüşini gowulandyrmagyň usullary
Görejiňi üç minudyň içinde gowulandyrmagyň usullary
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl täze agzalary saýlandy
Täze göwher tapyldy: dünýäde üçünji ýerde
Dünýä habarlary gysga setirlerde