GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI — ADAMZADYŇ GYMMATLY MIRASY

GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI — ADAMZADYŇ GYMMATLY MIRASY

27-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen Gadymy Änew medeniýeti atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.

Medeni paýtagt derejesi baý geçmişi türki döwletleriň döreýiş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan we häzirki wagtda türki dünýäniň umumy gymmatlygyna öwrülen, halklarymyzyň medeniýetini, sungatyny dünýäde wagyz etmekde möhüm orny eýeleýän gadymyýetiň meşhur şäherlerine berilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.

Myhmansöýer türkmen topragynda bolmagynyň çäklerinde köp sanly daşary ýurtly myhmanlar şu ýyl Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatyň öň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdylar hem-de açyk asmanyň astyndaky ýadygärliklere — gadymy Änew galasyna we gaýtalanmajak bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, Gözellik öýi diýlip atlandyrylýan meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler.

Orta asyr ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ýokary ussatlygynyň we şol döwrüň binagärliginiň ösüşiniň subutnamasydyr. 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýertitreme netijesinde berbat bolandygyna garamazdan, ol dünýäniň ähli künjeginden jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolmagynda galýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär