Gadymy ikbaşlar

Gadymy ikbaşlar

Küýze döwükleri, iş gurallary, tumarlar, möhürler, iňňebagjyklar, humlar, zergärlik önümleri, dürli kosmetiki gutular...dürli taryhy döwürlerde adamlaryň näme bilen meşgul bolanlygyndan habar berýär. Ýurdumyzda eneolit döwrüne degişli Tilkidepe, Daşlydepe, Akdepe, Owadandepe, Änewdepe, Garadepe, Altyndepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Göksüýri ýadygärlikleri we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şol ýadygärliklerden tapylan ikbaşlar öz mynasyp ornuny tapdy.Irki demir asyrynyň ikbaşlary Türkmenistanyň Änew medeniýetine degişli ýadygärliklerinde has-da ýaýrandyr.Ikbaş igiň aşaky ujuna geýdirilýän üsti ýasy, aşagy çowly, ortasy deşik enjam.

Ol sapaga tow berlende agramlyk berip, ik gaty towlanar ýaly we onda tow berlen ýüplügi berk saklamak üçin ulanylýar.Ikbaşlary toýundan, keramiki gaplaryň diwarynyň böleklerinden, daşdan we süňkden ýasapdyrlar.

Ikbaşlaryň irki eneolit döwründen orta asyrlara çenli ulanylandygyna ýadygärliklerden tapylan ikbaşlar şaýatlyk edýär.Käbir alymlar ikbaşlar ot almak ýüň egirmek üçin we pul birligi hökmünde ulanylan bolmagy mümkin diýip çak edýärler.

Ikbaşlar kähalatlarda pully hazynalaryň arasynda hem duş gelipdir.Daşdan ýasalan ikbaşlar ýasy, tegelek disk görnüşinde bolupdyr.Ikbaşlar süňkden seýrek ýasalypdyr.Toýundan ýasalanlary, köplenç, ýasy we bikonik görnüşinde bolupdyr.

Daş we toýun ikbaşlaryň ýüzüne çekilen nagyşlar tapawutlanypdyr, ýöne iki toparda-da göni hem tolkun çyzyklar, tegelek, atanak çyzyklar çekilipdir.Ikbaşlaryň az bölegi çukurjyklar bilen bezelip, köp bölegi nagyşsyz bolupdyr.

Nagyşlaryň manysy boýunça (üçburçluklar, Gün şöhleleri, göni we tolkun çyzyklar, atanak şekiller) ikbaşlar hasyllylyk we abadançylyk ýa-da ýokarky bölekleriniň üstündäki dört bölege bölünen kesme çyzyklar pasyllar dünýäniň dört tarapy ýa-da senenama (kalendar) bilen baglydyr diýip çak edilýär.

Milli gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.Bahar SADYKOWA

Ýene degişli makalalar

28-nji awgust 3-nji sentýabr aralygynda görkeziljek filmler
28-nji awgust 3-nji sentýabr aralygynda görkeziljek filmler
Änew medeniýetine degişli bezeg nusgalary rejelenilýär
Gymmaty egsilmejek kitap
Uly Gyzgaladaky gyzykly gezelençler
Gülki bolan tilki