Meşhur alypbaryjy Ýuriý Nikolaýew aradan çykdy

4-nji noýabrda sowet we rus telewideniýesiniň meşhur alypbaryjysy we Russiýanyň halk artisti Ýuriý Nikolaýew 76 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Agrippina Waganowa adyndaky Rus balet akademiýasynyň başlygy Nikolaý Tsiskaridze telegram kanalynda habar berdi.

Nikolaýew dekabr aýynda 77 ýaşyna gidýärdi.

Ýuriý Nikolaýew rus telewideniýesiniň alyp baryjysy, aktýor we prodýuser. Ol “Irki poçta”, “Daň ýyldyzy”, “Respublikanyň gazananlary”, “Biziň döwrümizde” we “Ýuriý Nikolaýew bilen dogruçyl söz” telewizion gepleşikleri bilen tanalýar. Şeýle hem, ol “Uly sürüş”, “25-nji kameradan gyz”, “Aýrylyşmazdan öň” we beýleki filmlerde baş keşpleri janlandyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna ýubileý medaly bilen sylaglady
Rus goşuny Ukrainanyň Nikolaýew we Zaparožýe sebitlerine hüjümler gurady
Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Tutuş Ukrainada sirenalaryň sesi ýaňlanmaga başlady
KAMAZ-master Ýüpek ýoly rallisniň çempiony boldy
15-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti