Tutuş Ukrainada sirenalaryň sesi ýaňlanmaga başlady

Tutuş Ukrainada sirenalaryň sesi ýaňlanmaga başlady

Kiýew şäheriniň Harby edarasynyň Telegram kanalydan berilen ýazmaça beýanatda, rus goşunyna degişli Tu-95 kysymly harby uçarlaryň ganatly raketa bilen hüjüm guramak howpy sebäpli ýurt derejesinde sirenalaryň sesleriniň ýaňlanmaga başlandygy mälim edildi.

Ukrainadaky tapawutly Telegram kanallaryndan Harkow, Nikolaýew, Dnepr we Winnnisa sebitlerinde ýaşaýan adamlara gaçybatalgalara geçmek barada duýduryş berildi.

Harkow sebitiniň Harby dolanşyk edarasynyň başlygy Oleg Sinegubow bolsa sosial media hasabyndan beren beýanatynda, rus goşunynyň Harkow sebitine hüjüm gurandygyny habar berdi.

Ukrainanyň metbugaty hem ýurduň käbir sebitlerinde partlama sesleriniň eşidilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň hüjümleri sebäpli Ukrainada dokuz adam ýogaldy
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam hökmünde hasaba alyndy
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär