Gahryman Arkadagymyz üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy

Gahryman Arkadagymyz üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy

Habar berşimiz ýaly, 1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek bu duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşyny etdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda: Umuman, ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň binýatlyk nusgasyny döretmek boýunça bilelikdäki işlerimiz barada aýdylanda, Türkmenistan ony şu esasy ugurlary hökman öz içine alýan geçiş döwri diýip kesgitleýär:

döwletleriň ylmy-tehniki ösüşiniň, sanlylaşdyrmagyň we innowasion standartlarynyň derejesini deňleşdirmeli;

ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig maly çykarmakda we gaýtadan işlemekde hem-de beýleki ugurlarda ekologik ölçegler hökman ileri tutulmaly;

ilatyň ekologiýa babatda sowatlylygyny, bilimini, habarlylygyny artdyrmaly;

adamlar, aýratyn-da, ýaşlar üçin ykdysady işjeňlik, durmuşa höweslilik, toparlaýyn başlangyçlar, döredijilik, täzeçil garaýyşlar üçin şertleri döretmeli;

dürli pudaklarda halkara derejede bilimdir tejribe alşylmagyna ulgamlaýyn we hemişelik esasda üns bermeli, ylmy hem-de ýaşlar diplomatiýalaryny höweslendirmeli diýip, örän jaýdar belledi.

Foruma gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini we örän wajypdygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Antalýada 812 Myhmanhana Syýahatçylary Kabul Eder
Türkmenistandan Türkiýä gaz ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Bu ýyl Antalýa 16,5 million jahankeşde barar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar