Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysy atly kitaby esasynda söhbetdeşlik

Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysy atly kitaby esasynda söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki Nesil çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysy atly kitaby esasynda gyzykly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylara Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän Ömrümiň manysy atly eseriniň bölümlerinden gyzykly gürrüňleri aýdyp berdiler.Kitapda beýan edilýän tymsallaryň, rowaýatlaryň ençemesini bilesigeliji çagalara okap berdiler. Şeýle-de bu ajaýyp eseriň nesil terbiýesinde eýeleýän ornuny aýratyn nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaplaryň gadyr-gymmatyny ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Ruhy tämizligiň dabaralanmasy
Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi
Haly türkmeniň kalby
Türkmenistanda Aşgabadyň 145 ýyllygy we “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenilýär
Gahryman Arkadagymyz Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Netijeli hyzmatdaşlyk we döredijilikli zähmet — Watanymyzyň täze sepgitleriniň binýady