Ruhy tämizligiň dabaralanmasy Mukaddes Gurban baýramynyň asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize gelip ýetmeginiň düýp esasy onuň terbiýeçilik many-mazmunyna eýeligindedir.Terbiýeçilik ähmiýeti bolan her bir zat bolsa halklaryň ruhy gymmatlygyna öwrülýär.
Halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda we medeniýetinde öçmejek yz galdyran Gurban baýramy agzybirligiň, berekediň, ynsanperwerligiň we rehim-şepagatyň belent dabaralanmasydyr.Bu baýram adamlaryň kalbyna sahylygyň we mähir-muhabbatyň nuryny çaýýar.
Bu mukaddes günlerde öýlerimizde bereketli saçaklar giňden açylyp, taýýarlanan milli tagamlar, dogramadyr, pişmeler goňşylar, garyndaşlar bilen paýlaşylýar. Çagajyklaryň şadyýan sesi, beýik hiňňildikleriň töweregindäki şowhun kalplarymyza egsilmez şatlyk eçilýär.Türkmen halky öz taryhy boýunça milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna aýratyn sarpa goýup gelen halkdyr.
Gurban baýramy diňe dini däl, eýsem biziň milli medeniýetimiziň, bitewiligimiziň we agzybirligimiziň aýrylmaz bölegidir.Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň gahrymançylyga beslenen taryhy ýolunyň çeper ýazgylary bolan “Oguznama” eserinde, Gurban kesmek bilen baglanyşykly wakalar döreýiş taryhy VI-VII asyrlar bilen senelenýän “Gorkut ata” şeýle hem “Görogly” şadessanynyň “Öwez öýlenen” şahasynda Göroglynyň ýalňyz zürýady Öwezi öýlendiren güni Gurban baýramy günlerine gabat gelýär.
Toý gününde Görogly joşa-joşa il-ulusyna garap nama aýdýar.Joşgunly namada şeýle setirler bar: On iki aýdan geler gurban, Sallanyşar gyzu-juwan, Ýol üstünde goşa nerwan, Ýol beriň gyzlar geleýdi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eseriniň birinji kitabynyň “Nusaýdan Dehistana çenli” atlandyrylan dördünji bölüminde taryhy maglumatlara ýüzlenip, şeýle ýazýar: “XIV asyrda Täze Nusaýyň bir ýarym kilometr çemesi günorta-günbatarynda dag eteginiň beýgelýän künjeginde şäheriň daşynda namazga metjidi bina edilipdir.
Bu metjit üç sany uly girelgeli görnükli ymarat bolmak bilen, iki sany uly musulman baýramçylygynda Gurban baýramynda hem Oraza baýramynda adamlaryň üýşüp, namaz okamaklaryna niýetlenip bina edilipdir”.Gurban baýramyny kalby hujuwly ýaşlaryň ruhy howasy, onuň mynasyp dowam etdirilýändigini mirasgär Atda Gurbangeldiýew “Eşrepi” atly kitabynda şeýle beýan edýär: Gurbanlykda guba gyzlar Gyrmyzy geýer, güle meňzär, Ak gaýmaly jahyllaryň Kükreginde şatlyk dyňzar.
Bu setirler Gurban baýramynyň milli lybaslar, milli däp-dessurlar bilen baglanyşykly hem terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny görkezýär.Bu mukaddes baýram her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, agzybirlik we bagt getirsin.
Milli baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.Gurban baýramyňyz gutly bolsun!
Jennet Muradowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň ekskursawody.
