“Galatasaraý” gyrgyzystanly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Türkiýäniň soňky çempiony “Galatasaraý” topary gyrgyzystanly futbolçy Beknaz Almazbekow bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Galatasaraýyň” futbol akademiýasynyň uçurymy bolan 18 ýaşyndaky Almazbekow professional şertnama gol çekdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýäniň futbol federasiýasynyň täze düzgünine görä, Merkezi Aziýanyň hem-de Azerbaýjanyň futbolçylary Türkiýäniň “Trendyol Süper Liginde”, şol sanda 2-nji ligasynda ýerli oýunçy kategoriýasy boýunça çykyş edip bilerler. “Beşiktaş” topary tomusda gazagystanly Bahtiýar Zaýnutdinowy Moskwanyň SSKA toparyndan transfer edipdi. Şeýle-de, “Ankaragüjü” kluby-da öz akademiýasynyň uçurymy bolan gyrgyzystanly Sirožiddin Astankulow bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşypdy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň saýlamasynda Daniýany utdy
Türkmenistan Frankfurtda geçirilýän Heimtextil 2026 sergisine gatnaşdy
Türkmenistan Frankfurtda geçirilýän Heimtextil 2026 sergisine gatnaşdy
Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistan bilen Awstriýa ýokary derejedäki duşuşyklary guramagy maslahatlaşdy