Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň saýlamasynda Daniýany utdy

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň saýlamasynda Daniýany utdy

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Daniýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda ýeňiş gazandy.Has takygy, Ýewro-2024-iň saýlamasynyň 2-nji tapgyrynda geçirilen oýnuň 73-nji minutynda hem gazak ýygyndysy Atalantanyň daniýaly hüjümçisi Rasmus Heýlundyň dubly sebäpli 2:0 hasabynda yzda barýardy.

Emma 73-nji minutda SSKA-nyň ýarymgoragçysy Bahtiýor Zaýnutdinowyň goly gazagystanly futbolçylara umyt beren bolsa, 86-njy minutda Ordabasynyň oýunçysy Ashat Tagybergen hasaby deňledi.Gazagystana ýeňiş getiren topy 89-njy minutda Astananyň hüjümçisi Abat Aýmbetow derwezä ýollady.

Oýnuň esasy wagtyna emin tarapyndan goşulan minutlarda Abat Aýmbetow ikinji sary duýduryşy alyp, meýdançany terk etmäge mejbur boldy.

Häzirki wagtda Gazagystanyň milli ýygyndysy 3 utuk bilen Ýewro-2024-iň saýlamasynyň H toparçasynda ikinji orunda barýar. Şonça utugy bolan Daniýa bolsa dördünji orunda ýerleşdi. Toparçanyň lideri bolsa Sloweniýadyr hasaplanýar.

Ýewro-2024-iň saýlamasy 2023-nji ýylyň martyndan 2024-nji ýylyň martyna çenli dowam eder. 53 ýurduň ýygyndysynyň gatnaşýan saýlama tapgyrynyň jemleri boýunça 24 ýygyndy yklym birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazanar.

Futbol boýunça Ýewropanyň häzirki çempiony Italiýanyň milli ýygyndysydyr.

Ýene degişli makalalar

“Galatasaraý” gyrgyzystanly futbolçy bilen şertnama baglaşdy
Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Zenanlaryň sungat dilindäki söhbedi
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar