Galmygystandaky ýol hereket wakasynda Türkmenistanly bir student aradan çykdy we ýenede üçüsi hassahana ýerleşdirildi

Galmygystandaky ýol hereket wakasynda Türkmenistanly bir student aradan çykdy we ýenede üçüsi hassahana ýerleşdirildi

30-njy maýda daňdan 4:10-da Galmygystanyň Stawropol-Astrahan gara ýolundaky wakada Türkmenistanly student aradan çykdy diýip TASS habar berdi. Ýene 3 sany türkmenistanly student dürli şikesler bilen hassahana ýerleşdirildi.

Türkmenistanly studentleriň barýan “Lada Vesta” awtoulagy “Gazelýa” ýük awtoulagy bilen çaknyşdy.

Şikes alan 1998-nji we 2000-nji ýylda doglan gyzlar hem 2001-nji ýylda doglan ýigit Galmygystanyň döwlet uniwersitetiniň studentleri we ýogalan student hem ol ýerde okaýardy.

“Ýara alan studentleriň ýagdaýlary döwük-ýenjikler we şok şikesi bilen agyr. Zerur bolan bejergiler, şol sanda, agyr hassa bejergisi berilýär” diýlip P.P.Jemçuýewa adyndaky respublikan hassahananyň baş lukmany Aleksandr Kalaýew aýdýar.

Galmygystanyň lideri Batu Hasikow aradan çykan studentiň hossarlaryna öz gynanjyny bildirdi.

“Şikes alanlara zerur saglyk kömekleri berilýär. Ýurdumyzyň saglyk edaralaryna zerur ähli kömekleri etmek tabşyryldy. Aradan çykanyň hossarlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjymy bildirýärin. Bu uly ýitgi” diýip Hasikowyň aýdandygyna salgylanylýar.

ÝOJ-nyň ýolbaşçylary hem gynanjyny beýan etdiler.

Okuw jaýynyň saýtynda aýdylmagyna görä, 4 sany Türkmenistanly studentiň ÝOJ-nyň halkara bölümine habar bermekelrine görä, olar öz pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin Astrahandaky konsulhana tarap ýola çykypdyrlar.

Aradan çykan ýigit 22 ýaşly Geldimyrat Ýagmyrow.

“Galmygystanyň döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary şikes alanlara we olaryň hossarlaryna zerur ýardamy edýärler, Galmygystanyň saglyk, sebitara içeri işler we adatdan daşary ýagdaýlar ministrlikleri, şeýlede Türkmenistanyň konsulhanasy bilen jebis aragatnaşyk saklaýar”diýip uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär.

Astrahandaky türkmen konsulhanasynyň saýtynda bu ýol hereket heläkçiligi barada habar berilmeýär.

Apreliň ahyrlarynda prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda möhleti tamamlanýan türkmen pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak barada karara gol goýupdy. The post Galmygystandaky ýol hereket wakasynda Türkmenistanly bir student aradan çykdy we ýenede üçüsi hassahana ýerleşdirildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

KELEMI KÖPRÄK IÝIŇ!
Pagta ýagyny efir ýaglary bilen baýlaşdyrmagyň usullary
Türkmenistanly futbol eminleri AFK-nyň onlaýn okuw-maslahatyna gatnaşar
Suwasty maglumat geçiriji gurlar
TÝL ― 2022: 2-nji tapgyryň eminleri belli boldy
TÝL - 2022: 3-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumat berildi