Gresiýa bilen Saud Arabystanynyň arasynda deňziň aşagyndan maglumat we energiýa geçirijiniň gurulmagy boýunça ylalaşyga gol çekildi.Bu taslama Gündogardan Ortaýer deňzine maglumat geçelgesi (East to Med data Corridor) diýlip atlandyrylýar.
Iki ýurt Ýewropanyň has amatly bahadan arassa energiýany üpjün etmegi üçin elektrik torlaryny birleşdirmegi hem meýilleşdirýär.Maglumat geçirijini Saud Arabystanynyň Saudi Telecom Company (STC), Gresiýanyň Telecommunication Telefony Satellite Applications (TTSA) bilen Public Power Company (PPC) hem-de Kipriň Cyprus Telecommunication Authority (CYTA) kompaniýalary bilelikde gurar.
Iki ýurduň arasynda energiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada hem ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi.
