Gamly günler gaýtalanmasyn! atly sergi geçirildi

Gamly günler gaýtalanmasyn! atly sergi geçirildi

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini, 1941-1945-njy ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryny, şeýle-de 1881-nji ýylyň Gökdepe galasyny gaýduwsyz goran gerçekleri hatyralap Gamly günler gaýtalanmasyn! atly sergi geçirildi.

Sergide halypa suratkeşleriň Ý.Annanurowyň Gökdepe bosgunlary, A.Hajyýewiň Ejejan, sen näme üçin aglaýarsyň?, G.Bekmyradowyň 1941-nji ýylda doganymyzy ugratdyk, G.Kakabaýewyň Hatyra atly nakgaş eserleri, şeýle hem heýkeltaraşlar M.Ýüzbaşowyň Garaşmak, M.Nurymowyň Ýer yranmasy we A.Meredowyň Ene atly heýkel eserleri hem pajygaly hadysalary suratlandyrýar.

Bulardan başga-da, M.Muhammetmyradowyň Agyr ýyllar, Ý.Baýramowyň Ajy habar, T.Esenmämmedowyň Ýer titreme, A.Kulyýewiň Dileg, M.Nurymowyň Hasrat atly eserleri tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sungata öwrülen gamgyn durmuşyny aýdyň görkezýär.

Merdana türkmen halkynyň gahrymançylykly taryhy biziň kalbymyzda baky ýaşasyn! Hatyra gününde öten-geçenleri ýatlap eden aýat-töwirleriňiz hak dergähinde kabul bolsun!

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Maryda pagta möwsüminiň dowamynda mejbury zähmete girizilen gadaganlyk öz güýjünde galýar
6-njy oktýabr Hatyra güni
Diňle: Häkimiýetler pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny täze belentliklere çykarýar’
Häkimiýetler pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny täze belentliklere çykarýar’