Maryda pagta möwsüminiň dowamynda mejbury zähmete girizilen gadaganlyk öz güýjünde galýar

Maryda pagta möwsüminiň dowamynda mejbury zähmete girizilen gadaganlyk öz güýjünde galýar

Mary welaýatynda döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylmagyna girizilen gadaganlyk dowam edýär. Bu aralykda, býujet işgärleri öz orunlaryna hakyna tutulýan pagta ýygymçylaryna niýetlenip, awgust aýynda özlerinden adam başyna 30-40 manat aralygynda toplanan pullary edara ýolbaşçylaryndan yzyna gaýtaryp almaga synanyşyk etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy oktýabrda sebitden habar berdi.

Bu sebitde sentýabryň ortalarynda häkimlik resmileri talyplaryň we býujet işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň we çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylmagyny gadagan etdiler. Býujet işgärlerini seresaply begendiren bu gadagançylyk günorta-gündogar sebitde heniz hem öz güýjünde galýar.

“Sentýabr aýynda býujet işgärleriniň pagta ýygymyna mundan beýläk gatnaşdyrylmajakdygy duýduryldy we olaryň öz orunlaryna pagta ýygymyna hakyna tutma işgär ibermekleriniň hem bes edilendigi aýdyldy. Şu güne çenli býujet işgärleri heniz hem pagta ýygymyna ugradylmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Ýatlasak, bu sebitde mejbury pagta ýygymynyň bes edilmegi Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sebitlerde, şol sanda Mary welaýatynda mejbury pagta ýygymynyň möwjeýändigi barada yzly-yzyna beren habarlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýöne häkimiýetleriň pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanmagy bilen bagly tejribeleri şu ýyl her sebitde dürli-dürli häsiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda hem 15-nji sentýabrda ençeme döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleriniň pagta ýygymyna çekilmegi bes edildi. Ýöne Garaşsyzlyk baýramynyň yz ýany, 28-nji sentýabrda bu sebitde býujet işgärleri gaýtadan gowaça meýdanlaryna çekilip başlandy.

Hatda ýaňy-ýakynda lebaply bir býujet işgäri gündogar sebitde 6-njy oktýabr Hatyra gününde hem edara-kärhanalaryň işgärleriniň ählisini pagta möwsümine gatnaşdyrmagyň meýilleşdirilýändigini, şol bir wagtda gowaça meýdanlarynyň golaýynda hatyra çärelerini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Bu aralykda, mejbury zähmetden halas bolan maryly býujet işgärleri awgust aýynda pagta ýygymyna öz orunlaryna hakyna tutma işgär ibermek üçin edara ýolbaşçylaryna adam başyna 30-40 manat aralygynda beren pullaryny yzyna gaýtaryp almaga synanyşyk etdiler.

Türkmenistanda däp bolan tejribelere görä, pagta möwsüminde býujet işgärleri ýygym işlerine ýa özleri gatnaşmaly bolýar, ýa-da öz orunlaryna gowaça meýdanlaryna hakyna tutma işgär ugratmaly bolýar.

“Işgärleriň köpüsi öňki beren pullaryny edara başlyklaryndan sorap, yzyna almakçy bolýarlar. Ýöne başlyklar pullara derek, işgärlere islän wagtlarynda işden rugsat almaga mümkinçilik hödürleýär” diýip, bir býujet işgäri aýtdy.

Netijede, mejbury zähmetden boşadylan maryly işgärler edara ýolbaşçylarynyň tekliplerine razy bolupdyrlar.

Olar öňki ýyllarda özleriniň pagta möwsüminde adam başyna tas 1000 manada çenli çykdajy etmeli bolandyklaryny aýdýarlar.

Pagta möwsüminde her welaýatda dürli-dürli tejribelerden peýdalanylmagy boýunça düşündiriş berilmeýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy täze bellenen welaýat häkiminiň bu sebitde daýhan hojalyklara pagta möwsüminde diňe öz maşgala agzalarynyň zähmetinden peýdalanmaga rugsat berýän we ýygym möwsümine gapdaldan işçi çekilmegini gadagan edýän Buýrugy barada habar berdi.

Sentýabryň ortalarynda sebitde býujet işgärleriniň pagta möwsümine mejbury gatnaşdyrylmagy gadagan edilende, ýerli ýaşaýjylar bu täzeligiň “wagtlaýyn arakesme” bolmak ähtimallygyna alada bildirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Numan Kurtulmuş Hojaly Gyrgynçylygynyň Gurbanlaryny Hatyralady
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
6-njy oktýabr Hatyra güni
Diňle: Häkimiýetler pagta ýygymynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny täze belentliklere çykarýar’