Ganadaky ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy

Ganadaky ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy

Günbatar Afrika ýurtlarynyň biri bolan Gananyň paýtagty Akkra şäherindäki bazarda ýüze çykan ýangynda 100-den gowrak dükan weýran boldy.

Paýtagtyň iň uly bazarlaryndan biri bolan Kantamantoda düýn gije ýangyn boldy.

Ýangyn söndürijileriň tagallasy bilen söndürilen ýangynyň netijesinde 100-den gowrak dükan ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady. Waka bilen bagly derňew işi başladyldy.

Ýene degişli makalalar

Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Howpsuzlygy üpjün edeliň!
Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongda bolan ýangyn sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi
Ukrainanyň Russiýa guran dron hüjüminde 3 adam ýogaldy
Indoneziýada garrylar öýünde bolan ýangynda köp sanda adam ýogaldy
Türkmenistanyň DIM-i Şweýsariýada bolan ýangyn zerarly gynanç bildirdi