
Ýakynda Aşgabat şäherinde gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlar sportuň bu görnüşi boýunça täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam etdi.
Erkekleriň ýaryşy Aşgabat şäheriniň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu topar finalda Lebap welaýatynyň toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Ýeri gelende bellesek, paýtagtyň toparyna Baýram Çulumbaýew tälim berýär. Ikinji orny eýelän Lebabyň ýygyndysyny bolsa Baýram Amannyýazow türgenleşdirýär. Üçünji orny eýelän Mary welaýatynyň ýygyndysyny bolsa nobatdaky ýaryşa ussat tälimçileriň biri Gurbanmyrat Jumaýew taýýarlady.
Zenanlaryň ýaryşynda hem paýtagtlylar çempion boldular. G.Narbaýewanyň tälim berýän topary ynamly ýeňiş gazandy. Ikinji ýeri eýelän Marynyň ýygyndysyna bolsa Ý.Zaplatnaýa halypalyk edýär. D.Udawiçenkonyň ýolbaşçylyynda ýaryşa gelen Balkan welaýatynyň topary öňdäki üçlügi jemledi.