GAR-a gar ýagdy

GAR-a gar ýagdy

Afrikada täsin tebigy hadysa boldy, bu yssy ülkä gar ýagdy. Ýerli ýaşaýjylar tebigatyň bu garaşylmadyk peşgeşine begenýärler, olar gar zyňyşyp oýnaýarlar diýip, MIR 24 habar berýär.

Öňňin gije Günorta Afrika Respublikasynda bu ýyldaky iň sowuk gije boldy. Gar birnäçe sagatlap yzyny kesmän ýagdy. Ýohannesburgda we Pretoriýada hatda ýer taýgançak boldy. Adatça bu ýerde gary diňe dag etek etraplarda görmek bolýar, bu gezek bolsa, ak gar şäherleri basdy.

Antarktidadan gelýän sowuk howa akymlary GAR-yň jümmüşine tarap süýşýär.

Ýene degişli makalalar

Ýerde ýaşan tirannozawrlaryň umumy sany anyklandy
GAR-da BRIKS-iň daşary işler ministrleriniň duşuşygy açyldy
Efiopiýa BRIKS-e goşulmak üçin ýüz tutdy
BRIKS-iň sammitine gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistanda Pemberton usuly arkaly ilkinji hirurgiki operasiýa geçirildi, Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler, Türkmen milli dünýä dilleri instituty Magtymguly dünýäsi atly ykjam programmany işe girizdi we beýleki habarlar
BRIKS-e gyzyklanma artýar