Efiopiýa BRIKS-e goşulmak üçin ýüz tutdy

Efiopiýa BRIKS-e goşulmak üçin resmi taýdan ýüz tutdy. Bu barada 30-njy iýunda ýurduň daşary işler ministrliginiň resmi wekili Meles Alem metbugat ýygnagynda mälim etdi. Efiopiýa BRIKS we beýleki köptaraplaýyn mehanizmlere goşulmaga we halkara işlerine işjeň gatnaşmaga synanyşar diýip, Meles Alem belledi.

BRIKS, Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrikany öz içine alýan bäş sany ösüp barýan bazar ykdysadyýetli topardyr.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda BRIKS-iň başlyklygy Hytaýdan Günorta Afrika geçdi. Günorta Afrikanyň bileleşige ýolbaşçylygy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli hereket edip, soňra bileleşigiň başga bir ýurduna geçirer. BRIKS-iň 15-nji sammiti şu ýylyň 22-24-nji awgust aralygynda Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde geçiriler.

Häzirki wagtda Indoneziýa, Türkiýe, Saud Arabystany we Müsür hem ykdysady bileleşige goşulmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy
Syýahatçylaryň sany artdy
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Prezident R. T. Erdogan 10 ýyl soň Efiopiýa sapar gurar
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Baýkar Ukrainada uçarmansyz howa ulagyny öndürýän zawod gurýar
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary