GAR-yň Prezidenti Afrikanyň ýurtlaryny dänäniň importyndan garaşlylygy azaltmaga çagyrdy

GAR-yň Prezidenti Afrikanyň ýurtlaryny dänäniň importyndan garaşlylygy azaltmaga çagyrdy

Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa afrikan döwletlerini dänäniň importyna garaşlylygy azaltmaga hem-de yklymda öz däne we dökün önümçiligini artdyrmaga çagyrýar. Bu barada The Guardian neşirine esaslanyp, Interfaks habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Prezident bu barada Pretoriýadaky metbugat ýygnagynda belledi diýip, neşir ýazýar. Ol çykyşynda yklymyň ýurtlaryny öňdäki bäş ýyl üçin ady tutulan önümleriň diňe importyna garaşlylygy saklamalymy ýa-da öz önümlerini öndürmegi giňeltmäge girişmelimi, haýsysynyň ýerliklidigini çözmäge çagyrdy. Ramasofa: Afrika öz dökünlerini öndürmäge girişmelidir diýip nygtady.

Afrikada we Ýakyn Gündogarda soňky aýlarda daşalmagyň kemelmegi netijesinde dänäniň nyrhy görnetin gymmatlady.

Ýene degişli makalalar

YSRAÝYLYŇ HARBY GÜÝÇLERI RAMALLAHDA GARTAŞAN PALESTINALY ZENANY OGURLADY
Mane köne dostuny gynandyrdy
Topjagaza meňzeş tüýli miwe
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
Tramp öz administrasiýasyny döredýär
Malaý edebiýaty
Türkmenistan bilen Eýran Gürgende türkmen önümleriniň sergisini geçirmegi maslahatlaşdylar