Topjagaza meňzeş tüýli miwe

Topjagaza meňzeş tüýli miwe

Öň tagamyny datmadyk miwäňi ilkibaşda göreniňde, onuň nähili miwedigi we tagamy barada öňünden çaklap bolýar. Emma käbir miwäniň daş görnüşi başgaça bolup, ony iýilýändir hem öýtmeýärsiň. Gürrüňini edýän miwämiziň gabygy saç ýaly tüýjümek bolup, kiçijik rezin topjagaza meňzeýär. Bu miwä rambutan diýilýär.

Günorta-Gündogar Aziýada tropik gurşawda ösdürilip ýetişdirilýän rambutan endemik miwe bolup, ösümlikleriň sapindaceae maşgalasyna degişlidir.Bu miwäniň ata Watany Malaýziýa hasaplanýar.Rambutan malaý dilindäki rambut sözünden gelip çykyp, tüýli miwe, saç diýmegi aňladýar.

Daşyndan göräýmäge rezin oýnawaja meňzeýän bu miwäniň ululygy 3-6 santimetr aralygynda bolýar.Gabygy üpürjikli rambutan, esasan, gyzyl reňkde bolup, seýrek ýagdaýda mämişi ýa-da sary görnüşlerem duş gelýär.

Içinde ýumurtga şekilli iýilýän bölegi bolup, üzümiňki ýaly süýjümtik tagamy bar.Golf topunyň ululygyndaky bu miwäniň ýekeje ajymtyk çigidi bolýar.Peýdaly maddalary özünde jemleýän bu miwäniň ajy çigidi käbir ýerde gowrulyp hem iýilýär.

Rambutanyň düzüminde 78% suw, 21% uglewod, 1% belok we az mukdarda ýag saklanýar.Bu tropik miwe terligine we gaplanan görnüşde eksport edilýär.

XIII-XV asyrlarda arap söwdagärleriniň bu miwäni dürli ýurtlara äkitmegi bilen, Amerika, Afrika sebitlerine ýaýraýar.Rambutan agajynyň boýy 15-24 metre çenli ýetýär.Uzyndan inçe ýaprakly bu agajyň ownuk gülleri bolýar.

Rambutanyň hoşboý ysly gülleri mör-möjekleri, esasan hem, balarylary özüne çekýär.Islendik toprakda ösüp bilýän bu agaç iki-üç ýyldan soň miwe berýär.Rambutanyň iki görnüşi miwe berýän we miwe bermeýän görnüşi bar. Çägesöw topragy halaýan agaç her ýyl iki gezek miwe berýär.

Adatça, beýleki agaçlar 2-3 ýyldan miwe berýän bolsa, rambutan 5-6 ýyldan soň hasyla durýar.Bu agajyň her düýbi 5-6 müň miwe berýär. Ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän rambutanyň miwesi we ýapragy ýag, şem we sabyn önümçiliginde ulanylýar. Şeýle hem agajynyň kökleri, gabygy we ýapraklary boýag öndürmekde peýdalanylýar.

Dünýäde iň köp rambutan ösdürip ýetişdirýän ýurt Tailand bolup, her ýyl 450 müň tonna tüýli miwe öndürilýär. Her ýyl dünýäde 3 million tonna rambutan hasyly ýygnalýar.

Ýene degişli makalalar

Dagystanly şahyryň Garagum derýasy baradaky goşgusy türkmen metbugatynda çap edildi
Kicijik hekaýalar
17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Alaňlaryň aýdymy
Ekologiýa we telekeçilik: telekeçiler gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmegi özleşdirdiler
08.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn asyr Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy