Dünýäde nebitiň nyrhy düýn ösüş görkezdi, maýa goýumçylar Hytaýda çig malyň bu görnüşine islegiň artmagyna garaşylmagy hem-de rus nebitine nyrh üçeginiň girizilmegi bilen baglylykda bahalaryň ýene-de ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Bu barada Trend ýazýar.
Şunlukda, Brent nyşanly nebitiň fewral aýy üçin fýuçersleriniň bahasy 0,28 göterim gymmatlap, bir barrel üçin 82,91 dollara deň boldy, WTI nyşanly nebitiň bahasy bolsa 0, 34 göterim ösüş görkezip, 77,19 dollara deň boldy.
Bazarlar nebite islegiň dünýäde gara altyny satyn alyjy we sarp ediji iri döwlet bolan Hytaýda koronawirus çäklendirmeleriniň gowşadylmagy bilen baglylykda artmagyna garaşýarlar.
Maýa goýumçylar şeýle-de Günbatar gadaganlyklary güýje girenden soňra nebitiň nyrhlarynyň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Ýagny Ýewropa Bileleşiginiň deňiz arkaly daşalýan rus nebitini kabul etmegini bes etmegi, Uly ýediligiň ýurtlarynyň, Awstraliýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň rus nebitiniň deňiz arkaly daşalmagyna bir barrel üçin 60 dollar derejede nyrh çäklendirmelerini girizmegi muňa görnetin täsir eder diýlip hasaplanýar.
