Nebitiň nyrhy Hytaýyň az isleg bildirmegi sebäpli arzanlady

Nebitiň nyrhy Hytaýyň az isleg bildirmegi sebäpli arzanlady

Halkara bazaryndaky söwdalaşyklarda nebitiň bahasy 1 göterimden hem arzanlady, muňa Hytaý tarapyndan gara altyna islegiň azalandygy sebäp boldy diýip, Trend habar berýär.

Şunlukda Brent nyşanly nebitiň ýanwar aýy üçin fýuçersleriniň bahasy 1,13 göterim, ýagny bir barrel üçin 91,81 amerikan dollaryna çenli, WTI nyşanly nebitiň bahasy bolsa 1,37 göterim— bir barrel üçin 84,42 dollara çenli arzanlady.

Nebiti iň köp satyn alyjy ýurt bolan Hytaý heniz hem COVID ýokanjy babatda nol derejäni gazanmak syýasatyna eýerýär we bu babatda çäklendirmeleri saklap galdy, olaryň biri-de ýangyja islegiň peselmegine getirýän raýatlaryň awtoulagda hereketine çäklendirmedir.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-Eýran dartgynlygy sebäpli nebitiň bahalary ýokarlaýar
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy
Gara altyn gymmatlaýar
Brent nyşanly nebit 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek arzanlady