Garagumyň obalarynda uzakly gün ýagan ýagyş elektrigiň kesilmegine, köçelerde batgalyklaryň döremegine getirdi

Garagumyň obalarynda uzakly gün ýagan ýagyş elektrigiň kesilmegine, köçelerde batgalyklaryň döremegine getirdi

12-nji fewralda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çäklerinde uzakly gün ýagyş ýagdy. Munuň netijesinde, etrabyň käbir geňeşliklerinde elektrik üpjünçiligi ençeme sagatlap kesildi. Şeýle-de, uzakly gün ýagan ýagyş geňeşlikleriň asfaltlanmadyk köçelerinde batgalyklary emele getirdi.

"Garagumyň 'Ak altyn' daýhan birleşiginiň käbir geňeşliklerinde tok öçdi. Toguň ençeme sagatlap kesilmegi adamlaryň gündelik durmuşynda käbir bökdençlikleri döretdi. Adamlar elektrik peçlerini ulanyp bilmändigi sebäpli ýylynmak meselesinde wagtlaýyn kynçylyk döredi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Ýangyç-energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda ilat, hususan-da oba ýaşaýjylary elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Bu üpjünçilikdqki bökdençlikler esasanam gyşyň aýazly ýa-da tomsuň jokrama yssy günlerinde has-da ýitileşýär. Häkimiýetler bu bökdençlikleri tassyklap çykyş etmeýärler.

Geňeşlikleriň ýaşaýjylary sähel şemal tursa ýa-da köpräk ýagyş ýagsa, elektrik üpjünçiliginiň dessine kesilýändigini belläp, toguň yzygiderli kesilmegine indi öwrenişendiklerini aýdýarlar.

Ýöne olar ýagyşdan soň, köçeleriň batgalyga öwrülmeginiň köp kynçylyk döredýändigini, mekdebe we çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň egin-eşikleriniň dyzlaryna çenli öl bolup, olaryň palçyga çümüp gelýändigini belleýärler.

"Bir gün ýagyş ýagsa, köçelerimiziň batgasy, palçygy bir hepde guramaýar. Sowuk howada çagalar ýagyş suwlaryna çümüp, palçyga batyp, mekdebe we çagalar bagyna gitmeli bolýarlar. Çagalar öýe gelende, joraplaryna çenli öl bolandygyny görýäris. Olar aýaklaryny ýere kakyp, agyrýar diýip ýatyp bilmeýärler" diýip, garagumly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köçelerde batgalyklar emele gelende olarda uly tekerli ulaglar we traktorlar hereket edip bilýär. Ýeňil awtoulaglar köplenç batga çümüp, traktorlaryň kömegine mätäç bolýar.

"Geňeşlikleriň köçeleri ýyllarboýy asfaltlanmaýan, hat-da çagyl hem dökülmeýär. Köçelerimize seredýän adam ýok. Etrap ýolbaşçylaryna edýän arz-şikaýatymyz ýyllarboýy netije tapman gelýär" diýip, başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Garagumyň häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 13-nji fewralda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmen häkimiýetleri paýtagt Aşgabatda we welaýat merkezlerinde gurulýan desgalara, ýaşaýyş-durmuş maksatly infrastrukturalara her ýyl millionlarça dollar möçberinde serişde sarp edýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylar oba ýerleriniň köçeleriniň aglabasynda sowet döwründen bäri abatlaýyş işleriniň geçirilmeýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Galyberse-de, Azatlyk häkimiýetleriň jaýrylan ýa-da oýulan köçelerde-de doly abatlaýyş işlerini geçirmän, olara diňe asfalt guýmak bilen çäklenýändigi barada hem ençeme gezek maglumat taýýarlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda sowukda birnäçe günläp toksuz galan oba ýaşaýjylaryna elektrik energiýasy berildi
ABŞ, Siriýadaky Merkezlerine Goşmaça Esger we Harby Enjam Ugratdy
26-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
NG Kutahya dükany öýüňizde rahatlyk döretmek üçin bio-kaminleri hödürleýär
Dizel gytçylygy: Beketlerdäki dizeliň tas ýarysy üstaşyr barýan halkara ýük ulaglaryna satylýar
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
Türkmenistanda doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýa işleriniň goralyşy 156 göterim artdy