Maryda sowukda birnäçe günläp toksuz galan oba ýaşaýjylaryna elektrik energiýasy berildi

Maryda sowukda birnäçe günläp toksuz  galan oba ýaşaýjylaryna elektrik energiýasy berildi

Mary welaýatynda ýagyndan soň sanda çykan elektrik togunyň üpjünçiligi birnäçe günden soň dikeldildi. Sowukda dört günläp toksuz oturan ýaşaýjylar bu ýagdaýa hem begenýär, hem-de tok üpjünçiliginiň mundan beýläk dowamly beriljegini umyt edýär.

Marynyň etrap geňeşlikleriniň ençemesinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi 30-njy ýanwarda dikeldilipdir.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, hususan-da Ýolöten etrabynyň Almyş geňeşliginde transformatorlaryň hatardan çykmagynyň netijesinde soňky iki günüň dowamynda bölekleýin berlip başlan elektrik togy yzygiderli kesilip durupdyr, diňe 30-njy ýanwarda elektrik energiýasy ýaşaýyş jaýlarynda yzygiderli berlipdir.

"Iki günläp tok yzygiderli kesildi, 1 sagat işlese, 8 sagatlap öçük durdy. Bu gaýtalandy-durdy. Şu gün uzak wagtlap togymyz täzeden berildi. Şol köne transformatory bejeripdirler" - diýip, oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, geňeşlige degişli bu obadaky ýekeje transformatoryň partlamagy zerarly elektrik togy kesilipdir. "Obamyzda bar bolan transformator partlap hatardan çykdy. Onsuzam ol transformator gaty köne, hatda daşynda ýagyşdan gardan goraýjy demir gaby hem bolman, ýalaňaç durdy" - diýip ýaşaýjy aýdýar.

28-nji ýanwarda daňdan ýagyp başlan we uzakly gün dowam eden ýagyş güýçli ýel bilen bilelikde Mary welaýatynyň köp ýerlerinde elektrik togunyň kesilmegine getirdi.

Mary şäherinde elektrik energiýasy 28-nji ýanwarda günortandan soň berildi, emma Baýramaly, Ýolöten we Tagtabazar etraplarynda uzak wagtlap tok bolmady. Bu etraplaryň çetki obalarynda onlarça ýyllap çalşylmadyk elektrik sütünleri ýykyldy, simleri zaýalandy.

Ýolöten etrabynda Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, obalaryň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi ýyllarboýy gowşak bolmagynda galýar, sebäbi elektrik energiýasyny üpjün edýän infrastruktura üstüne düşýän agramy çekip bilmeýär we ýaşaýjylaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaýar.

"Obamyzda ýeke-täk transformator bolany üçin gyşyna tok pes bolýar, tomusyna bolsa, togy güýçlendiriji enjamyň bolmasa sowadyjyny işledip bolmaýar.Ol transformator sowet döwründe gurlup, şu güne çenli çalşylman dur.

Bu köne transformator her gezek hatardan çykanda ony köne ätiýaçlyk şaýlary oturdyp, gaýtadan hatara salýarlar.Emma biziň geňeşligimizde her köçä aýratyn transformator gerek bolýar" diýip, ýene bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar obalardaky elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň pes bolmagy zerarly çyralaryň hem köplenç ýanman durýandygyny belleýärler. Azatlyga gürrüň berlen soňky ýagdaýlaryň birinde aradan çykan ýaşaýjynyň patasyna gelen adamlary garşy almak üçin merhumyň hossarlary uzakly gije el telefonlarynyň çyrasyndan peýdalanmaly bolupdyr.

Hepdäniň başynda welaýatda ýagan güýçli ýagyş zerarly etraplaryň ýollaryny suw basdy. Bu ýagdaý jemagat işgärleriniň işini kynlaşdyrdy.

Ýolöten şäherçesinde jemagat hojalygynyň işgärleri köçelere üýşen ýagyş suwuny elleri bilen ýygnaýarlar.

"Biz her gezek ýagyşdan soň ellerimize gap alyp köçelerde ýygnanýan suwlary aýyrýarys.Köçe gurluşygynda ýörite joýa edip, ýagyş suwunyň üýşýän ýerlerinden gyralardan suw akyp gider ýaly etseler bolardy.

Biz aýal maşgalalar, aramyzda syrkawlar hem bar, biz çaga eklemek üçin uzakly güni syrkaw halymyza elimiz sowuk suwda.Biz halymyzdan şikaýat hem edip bilmän, ýagyş suwyny ýygnap, daşaýarys, üstümizden ýagyş ýagýar, biz ezilip işleýäris" diýip, jemagat gullugynyň işgäri aýdýar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 28-nji ýanwardan bäri Maryda we Lebapda ýagan ýagyn köçeleri suw basmagyna, ilatyň elektrik, suw üpjünçiliginiň kesilmegine we ýol hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Bu aralykda Aşgabatda dürli etraplarynda ýaşaýyş jaýlarynyň suw turbalarynda yzygiderli näsazlyklar ýüze çykyp, ýaşaýjylar uzak waglap suwsuz we ýylylyksyz galdy.

Türkmen hökümeti jemagat hyzmatlary meselesini 29-njy ýanwarda geçiren maslahatynda gozgady, emma dörän problemalary düýpden agzamady. Resmi habara görä, maslahatda Türkmenistanyň prezidentiniň görkezmesine laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegine, şeýle hem ilatyň elektrik togy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üznüksiz üpjün edilmegine yzygiderli gözegçilik edilýändigini aýdylypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Gyzgyn pese düşmeýär'. Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň dümewi ýaýraýar
Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy
Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşady
Eyyam Group HK polatdan tekje ulgamlaryny öndürýär
Garagumyň obalarynda uzakly gün ýagan ýagyş elektrigiň kesilmegine, köçelerde batgalyklaryň döremegine getirdi
Sowukda gaz üpjünçiligi köne abzallar’ sebäpli togtady, Türkmengazda ençeme resmi tussag edildi’