Garaşsyz neşir: Sarymtyl reňkdäki towuk eti satuwa çykaryldy

Garaşsyz neşir: Sarymtyl reňkdäki towuk eti satuwa çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda möhleti geçen ýaly bolup görünýän doňdurylan towuk eti peýda boldy. Bu barada garaşsyz neşir turkmen.news habar berýär. Şol bir wagtda, Azatlygyň Aşgabatdaky we Mary welaýatyndaky habarçylary towuk budunyň satuwa çykarylandygy barada häzirlikçe özlerinde maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar.

Neşir 29-njy iýunda çap eden habarynda, öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, satuwa çykarylan towuk etiniň reňkiniň adaty bolmadyk görnüşde sarydygyny belleýär.

"Birnäçe hepde öň bir kilogram towugyň bahasy 30-35 manatdy. Ony her ele örän az mukdarda, çäklendirilen görnüşde satýardylar. "Sary" reňkdäki towuklaryň bahasy 20 manat bolup, onuň satuwy o diýen çäklendirilmeýär. Bir gezekde bäş ýa-da alty kilogram satyn alyp bolýar. Gaýtadan ikinji gezek barsaň, satyjy şol bir mukdardaky towugy ýene satýar" diýip, neşir ýazýar.

Neşir häzirki wagtda köp adamyň möhleti geçen ýaly bolup görünýän towuk etinden ençeme kilogram satyn alýandygyny hem belleýär.

"Soňra adamlar onuň bahasyny birneme ýokarlandyryp, 22-23 manada satmaga synanyşýarlar. Adamlar şeýle bir garyp welin, hatda şeýle kiçijik mukdar hem olaryň maşgala býujeti üçin möhüm" diýip, neşir çeşmesiniň sözlerini sitirledi.

Azatlyk bu barada öz ýurt içindäki habarçylaryndan goşmaça maglumat almaga synanyşdy. Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri sarymtyl reňkdäki towuk etiniň satylyp başlanandygy barada eşitmändigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol döwlet dükanlarynda adam başyna günde 30 ýumurtganyň satuwynyň yzygiderli görnüşde dowam edýändigini belledi.

"Käbir döwlet dükanlary 30 sany ýumurtgany 30 manada satsa, käbiri 35 manada satýar" diýip, habarçymyz 29-njy iýunda beren maglumatynda aýtdy.

Mary welaýatyndaky habarçymyz hem, heniz bu sebitdäki döwlet dükanlarynda towuk etiniň satylyp başlanmandygyny, onuň diňe geçen hepde satuwa çykarylandygyny habar berdi. Ol bu hepde towuk ýumurtgasynyň we pagta ýagynyň paýlanyp başlanandygyny hem sözüne goşdy.

"Towuk ýumurtgasyndan islendik mukdarda satyn alyp bolýar. Pagta ýagy nebit ýaly gap-gara reňkde" diýip, habarçy 29-njy iýunda beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk bu barada beýleki sebitlerdäki habarçylaryndan hem maglumat almaga synanyşýar.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk önümleriniň satuwy adatça üýtgäp durýar. Käte satuwa çykarylýan azyk önümleri aradan bir ýa-da birnäçe gün geçensoň tekjelerden ýitirim bolýar.

Şeýle-de, ýurduň döwlet dükanlarynda ilata satylýan käbir azyk önümleriniň hiliniň ýaramazdygy, möhletiniň geçendigi barada Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylar mundan ozal ençeme gezek habar beripdiler.

Geçen hepde Mary welaýatynyň käbir şäherlerinde, etraplarynda we obalarynda döwlet dükanlary ilata 2021-nji ýylyň dekabr aýy üçin un "paýogyny", aradan alty aý geçen soň, şu aýyň 20-lerine paýlap başladylar. Şonda ýerli ýaşaýjylar ilata satylýan bu unuň hiliniň pesdigini, bitlidigini we tagamynyň ajydygyny gürrüň beripdiler.

Soňky dört ýyl çemesi wagtyň dowamynda, ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri ilata şeker, ösümlik ýagy, towuk budy, ýumurtga ýaly önümleriň çäkli möçberini subsidirlenen bahadan satyp başlady. Ýöne şu ýylyň başynda häkimiýetler bu harytlaryň aglabasyny tapgyrlaýyn esasda bazar bahalary bilen deňleşdirdiler.

Mundan iki hepde çemesi ozal Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker, towuk budy we ýumurtga gaýtadan satuwa çykaryldy. Şonda habarçylarymyz köp ýaşaýjynyň şekeri we towuk buduny satyn almakdan ýüz öwürýändigini, sebäbi olary hususyýetçilerde has arzan ýa-da şol bir bahadan satyn alyp bolýandygyny aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

​​​​​​​ Farenžitde tebigy bejergi usullary…
Hususy dükanlar ýapylandan soň, azyk gytçylygy hasam ýitileşdi
Türkmenistan: welaýatlylar azyk ýetmezçiliginden nägile, aşgabatlylar azygyň öýlerine getirilmegine garaşly bolýarlar
2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanda guşçulyk toplumy ösdürilýär
Marynyň döwlet dükanlarynda üç hepdeden gowrak wagt bäri çörek satylmaýar
Türkmenistanda et gymmatlady