2026-njy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi.Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy H.Gurbannazarowyň Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy A.Hajyýewanyň Reňk atlarynyň grammatik klassifisirlenmegi, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy M.Beknazarowanyň Ylym ösüşleriň hereketlendiriji güýji, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallym-öwrenijisi Ç.Gylyjowanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär.Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.
Maslahata gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmyň gazananlarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilik döredýändigi barada çykyşlarda bellenildi.
