Garaşsyzlygymyzyň nyşanlary ‑ bagtyýar durmuşymyzyň kepili

18-nji maýda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.

Şu ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk senesi bellenilýär. Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň ýanyndaky meýdança köp adamly boldy. Erkana pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, göwnüňi göterýän dürli güller, baýramçylyga gatnaşýan adamlaryň ruhubelentligi mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgularynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Halkymyz bu baýrama aýratyn gadyr goýýar. Ol ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem-de halkymyzy has-da jebisleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler. Hormatly Prezidentimiz binanyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly düşelen ýoda bilen ýörite taýýarlanan ýere geçdi. Bu ýerde ýurdumyzyň geljegi bolan talyplar hatara düzüldiler. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň gollarynda ýaşyl baýdaklar pasyrdaýar. Bu ýerde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň hem-de demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk we häzirki döwürde mynasyp derejede dowam edýän däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem Watanymyzyň öçmejek şöhrata beslenen taryhynyň şu günki we geljekki nesilleri üçin ägirt uly ähmiýetiniň esasy nyşany bolan Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular. Şanly seneleriň hormatyna guralýan dabara gatnaşyjylar asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk ýörelgelere eýerip, ýurdumyzyň baş şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän kaşaň Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular.

Munuň özi taryhyň dowamynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklara hormat goýmak ýaly ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň hem-de döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitläp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly kepili, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ähli halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy binýady bolup durýar.

Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri hem-de nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, ynam, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär.Bu gün Türkmenistan Garaşsyz ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny bellemek bilen, paýhasly pederlerimiziň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar, döwletimiziň taryhynyň belentligine göz ýetirýär.

Kaşaň binanyň öňündäki meýdança dürli öwüşginli al-elwan güllere beslendi. Munuň özi merdana halkymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, pederlerimiziň söýüp ýaşan topragynda erkin ýaşamak we öndürijilikli zähmet çekmek, döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga mynasyp goşant goşmak bagtyna bolan buýsanjyny alamatlandyrýan görnüşlere öwrüldi.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabara paýtagtymyzyň günorta künjegindäki 133 metr belentlikdäki sütünde erkana parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýanyndaky meýdançada dowam etdi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän belent başly Baýdak sütüni uzaklardan seleňläp görünýär. Mukaddes tugumyz halkymyzyň watansöýüjilik, belent döredijilik ruhy ýaly bahasyz gymmatlyklary alamatlandyrmak bilen, säher şemalyna pasyrdaýar.

Hormatly Prezidentimiz Baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdança geldi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz belent başly mukaddes tuguň eteginde ajaýyp gül çemenini goýdy.

Paýtagtymyzyň baş bezegine öwrülen hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň esasy nyşany bolan belent başly Baýdak sütünine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem ajaýyp gül desselerini goýdular.

Soňra bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylar asylly däbe eýerip, Döwlet baýdagymyza gül desselerini goýdular.

Tutuş taryhyň dowamynda halkymyz milli tuguna aýratyn gadyr goýupdyr. Paýhasly pederlerimiziň Adam terbiýesinden belli, ýurt baýdagyndan diýen jümlesinde çuňňur many bar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda giň halkara hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Mukaddes tugumyz döwletimiziň Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýörelgelerine, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

* * *

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly çäreler guraldy. Oňa gatnaşyjylaryň ruhubelentligi, şatlygy türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijiligiň ýoly bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan hem-de bagtyýarlygyň, nurana arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Şeýle hem müdimi mukaddesliklerimiziň baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Aşgabat aýdym-saz merkezinde, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda, döwrebap medeniýet öýlerinde we açyk konsert meýdançalarynda köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Mukaddes aýyň sogaply çäresi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
ВЫЕЗДНОЕ РАСШИРЕННОЕ ЗАСЕДАНИЕ КАБИНЕТА МИНИСТРОВ ТУРКМЕНИСТАНА
Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji akylly şäheri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi