Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli sergide döwlet we hususy kärhanalaryň gazananlary görkezilýär

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli sergide döwlet we hususy kärhanalaryň gazananlary görkezilýär

21-nji sentýabrda Söwda-senagat edarasynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty we mümkinçilikleri “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň giň gerimli diwarlyklary arkaly görkezilýär.

Ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtoulag, demir ýol we howa menzillerine çykmak arkaly, howa we ýerüsti ýollary birleşdirýän gatnawlaryň ulgamy üstünlikli döredilýär. Bular “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň sergi bölümlerinde aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Şu gözden geçirilişe logistik ugurly kompaniýalar gatnaşýarlar.Olaryň bu ulgamdaky işleri giň gerimli halkara taslamalary amala aşyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.Sergä gatnaşyjylaryň köpüsi täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, uly göwrümli ýükleri daşamakda öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Täsin desgalaryň gurluşygyny görkezýän diwarlyklar sergide uly gyzyklanma döretdi.Bu desgalar, şol sanda awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýerasty geçelgeler we köp gatly ýol aýrytlary gurlanda, aýratyn inžener-tehniki çözgütler we iň täze tehnologiýalar talap edilýär.

Paýtagtymyzyň häkimliginiň pawilýonlarynda bag nahallaryny, seýilgäh germewlerini, timarlaýyş we bezeg serişdelerini, mebelleri, aşhana enjamlaryny, aýna önümlerini öndürýän firmalaryň diwarlyklary we harytlary bar. Bu ýerde, şeýle hem enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa we abadanlaşdyryş ýaly bölümler hereket edýär. Obasenagat toplumynyň we söwda ulgamynyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeleýär. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär.

Milli ykdysadyýetimizde bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde ornuny berkidýän ýurdumyzyň telekeçilik pudagy sergide öz işiniň dürli ugurlaryny görkezýär. Ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat Inžener”, “Ak Bulut”, “Derýaplastik”, “Ugurly ýol”, “Berk menzil gurluşyk”, “Senagat plastik” ýaly kärhanalar we beýlekiler bar. “Aýbölek” we “Çigildem” kärhanalarynyň owadan mebellerini, “Hasaryň” süýji-köke önümlerini, “Täze Aýyň” süýt we peýnir önümlerini, “Akdaş miwe içgileri” kärhanasynyň miwe içgilerini, et önümlerini görkezmek bolar.

Wideoşekiller arkaly tanyşdyrylyş çäresiniň biri milli Liderimiziň başyny başlan ägirt uly taslamasyny — “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlandy. Bu täsin toplumyň binalaryny ulanmakda, şäher hojalygynyň dolandyryş düzüminde sanly tehnologiýalar işjeň ulanylar.

Şu gün, 22-nji sentýabrda sergi öz işini dowam eder. Sergi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara degişli diplomlar we güwänamalar gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji
Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany