Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Garaşsyzlyk bagtymyzyň sakasy” ady bilen söhbetdeşlik gurnady.Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk, alnyp barylýan işler, medeniýet ulgamynyň ösüşi, kitaphanalaryň sanly ulgamy barada giňişleýin gürrüň edildi.
Gruziýanyň Milli kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň arasynda baglaşylan Ähtnama barada hem giňişleýin gürrüň berildi.Söhbetdeşlige gatnaşan hünärmenler şular ýaly bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
