Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň binýady

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramasynyň merkezinde “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Garaşsyzlyk - berkarar döwletimiziň binýady” atly söhbetdeşlikli duşuşygy geçirdi.Söhbetdeşligiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy ýetip gelýän döwründe, ýurdumyzyň gazanan esasy üstünlikleri we özgerişleriniň birnäçe möhüm ugry boýunça täsirli gürrüňler edildi.

Türkmenistan öz içerki we daşarky syýasatyny özi kesgitleýän azat we berkarar döwlet höküminde dünýä ýüzünde esassy orun aldy.Garaşsyzlykberkarar döwletimiziň binýady, halkymyzyň bagtyýar geljegine açylýan beýik ýol bolup diýarymyzy bu ýyllarda belent ösüşlere ýetdi.

Söhbetdeşler şular dogrusynda hem giňişleýin gürrüňleri etdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar mukaddes Garaşsyzlygymyzy bagtymyza deňäp, beýik işleri rowana ýollarda öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyzlyk bagtymyzyň sakasy
Jana şypaly hem sapaly Awaza şypahanasy
Türkmen sungaty dabaralanýar
Akyldar Pyraga belent sarpa
Ýaňlan, Diýarym! 2026 telebäsleşiginiň hoş owazlary Balkan topragynda belentden ýaňlandy
Dünýä belli Mollagara melheme baý şypahana