Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri we Bibliografiýa bölümi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş eden kitaphana hünärmenleri asly Oguzhandan gaýdýan ata-Watanymyz bu gün özüniň Garaşsyz baky Bitarap döwletini berkarar etdi. Ýurdumyz bu ýörelge bilen ösüşlere sary ynamly öňe barýar.Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik özbaşdaklyk bagtyýar geljege ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir diýip çykyş etdiler. Şeýle-de Döwlet kitaphananyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk bagtymyzyň buýsanjy” atly kitap sergisi hem gurnaldy.

Bu çäre türkmen halkynyň taryhyny hem-de geçmişimizi çuňňur öwrenmeklikde, esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam berýär.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Halk bähbitli netijeli işler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
BEDEW BATLY, DÖREDIJILIK RUHY BILEN
Pekinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-Hytaý dialogy geçirildi