Halk bähbitli netijeli işler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde “Halk bähbitli netijeli işler” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu çärede çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler barada gürrüň etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabynyň “Budur türkmen binasy” diýen bölüminde beýan edilýän buýsandyryjy sözlerini öz içinde jemleýän wakalar dogrusynda döredijilik duşuşygynda çykyş eden hünärmenler söhbet edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
At türkmeniň ganaty
Watan waspy goşgularda
Wagyz-nesihat