Watan waspy goşgularda

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen kitaphananyň okalga otagynda “Watan waspy goşgularda” atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sesli okaýyş geçirdi.Kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly gymmatly eserinden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýollary, Türkmenistan diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejeleri, şanly Garaşsyzlygymyzyň gazananlary hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Çärämize işjeň gatnaşan ýaş kitapsöýüjilerimiz hem şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary ýatdan we labyzly ýerine ýetirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyzlyga guwanmak, Watany halky söýmek bagtdyr diýip mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Kitaphanalar pähim-paýhasyň çeşmesi
Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen
Kitaphana döwletli döwrüň ruhy baýlygy
Kitaphana syny
Medeniýet baýramy dabaralanýar
Kitaphana syny