Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi tarapyndan “Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen” ady bilen Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi, onuň çäginde hem “Kitap meniň dostum” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.

Kitaphanaçylar körpejelere türkmen halk ertekilerini okap berip olarda kitaba bolan uly gyzyklanma döretdiler.Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpejeler barada edýän atalyk aladalaryny çagalara düşündirdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Ruhy tämizligiň dabaralanmasy
Aşgabatda howanyň gyzmagy rekord derejesine golaýlady, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi gowşady