Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda Kitaphana döwletli döwrüň ruhy baýlygy ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde kitaphana işinde döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gitmek, jemgyýetde kitap okamaklyga bolan höwesi, söýgini has-da artdyrmak, okyjylara gerekli maglumatlary tapyp bermek kitaphana hünärmenleri üçin uly wezipe bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde kitaphana ulgamy ygtybarly ösdürilýändigi, sanly ulgam ornaşdyrylyp, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlarynyň ýola goýulandygy barada beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
