Garaşsyzlyk milli galkynyşyň binýady

Güýz paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli künjegi täze öwüşginlere, jemgyýetimiz täze ruhy ahwala beslenýär.Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň baýramyny täze üstünliklere beslemek, täze ýeňişli sepgitlere ýetmek maksadyndan ruhlanýan halkymyz özbaşdak ösüşiň döredijilikli ýoluny gulaçlaýar.

Garaşsyzlyk döwlet berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, gadymy topragymyzyň täze gülläp-ösüşleriniň mizemez binýadydyr. Özüni Garaşsyz döwlet diýip jar eden gününden başlap, Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde dünýä ösüşine sazlaşykly goşuldy.BMG-niň agzalygyna kabul edildi.

Gazanylan üstünlikleriň ähmiýeti boýunça asyrlara barabar bolan bu döwürde ýurdumyz öz baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, okgunly ösýän ýurt hökmünde tanatdy.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllary Türkmenistan üçin döwlet gurluşyny üýtgedip gurmakda, syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşinde öz milli nusgasyny döretmegiň möhüm tapgyry bolup, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen, Garaşsyz Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki orny has-da pugtalandy.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy döwrüniň her bir ýyly halkymyz üçin täze üstünliklere beslenýär.Geçen döwre nazar aýlanymyzda, şu günki üstünlikleri gazanmak üçin, maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilendigine, olaryň esasynda bolsa, netijeli döwlet dolanyşygynyň, jemgyýetiň agzybirliginiň durandygyna göz ýetirýäris.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň dünýä derejesindäki hilini gazanmaga mümkinçilik berýän esasy şertler döredildi.

Senagat pudagynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny özünde jemleýän halkara häzirki zaman ulag ugurlaryny döretmek maksady bilen, giň möçberli çäreler durmuşa geçirildi we geçirilýär.

Bu gün garaşsyz ösüşimiz döwründe gazanylanlara nazar aýlap, durmuşymyzyň ähli tarapyna täsir eden bu ýagdaýyň nesillerimiziň geljegi üçin-de deňsiz-taýsyz, bahasyz gymmatlykdygyna çuňňur göz ýetirýäris. Çünki ähli durmuş-ykdysady özgertmeler ösüş häsiýetine eýe bolup, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösüşinde yzygiderliligi göz öňünde tutýar.

Bu bolsa, türkmen halkynyň milliligini we taryhy ösüşiniň aýratynlyklaryny dolulygyna, hasaba almak bilen, milli gymmatlyklara eýe çykyp, täze gymmatlyklary döretmäge ukyply nesilleri terbiýeläp-ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.Beýleki tarapdan bolsa, täze ösüşlere her birimiziň gatnaşýandygymyz, olarda her birimiziň şahsy bähbitlerimiziň bardygyny bilmek oňa bar ukyp-başarnygymyz bilen goşulyşmaga itergi berýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen döwri Türkmenistan üçin döwlet gurluşyny üýtgedip gurmakda, özüniň syýasy, ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ösüşinde öz nusgasyny döretmekde möhüm tapgyr boldy.Bu döwür halkymyz üçin öz döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin ykbal kesgitleýji pursat boldy.

Gazanylan ägirt uly üstünlikleriň, beýik sepgitleriň ählisi Türkmenistanyň taryhynda altyn setirler bilen yz goýup, nesillerimiziň buýsanjyna, baýlygyna öwrüler.Bu gün türkmen halky Garaşsyzlygyň miweleriniň hözirini görýär, bolelin durmuşda ýaşaýar, ajaýyp geljegini gurýar.

Halkymyz ruhubelent zähmeti, watançylyk duýgusy bilen hormatly Prezidentimiziň täze badalga beren maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, ösüşiň, bolçulygyň, pähim-paýhasyň we açyk ýürekliligiň nurana ýoluny gurýar.

Gülaýym NARLYÝEWA,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal