Eziz Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Eziz Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýändigi, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrýandygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da belende göterilýändigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýetip gelýän şanly baýramymyz bolan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna ähli türkmen halkynyň, şol sanda kitaphana ulgamynda hem uly depginde taýýarlyk görülýändigini nygtap geçdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdylar.

Ýene degişli makalalar

Binýady berkden Watan
BEDEW BATLY, DÖREDIJILIK RUHY BILEN
Şanly toýuň joşguny
Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabara geçirildi
ZEMINIŇ ÝARAŞYGY MÄHREM ENELER